Işläp taýýarlanylmak, bejergi işleri geçirilmek, ekine, ekin meýdanyna garaşyk edilmek.
Bu ýyl üzümimiz ýagşy getirdi, heniz hem bejerilişine meniň göwnüm ýetenok. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Nagyş salynmak, bezeg salynmak, keşdelenmek.
Onuň egninde ýakasy bejerilen ak köýnegi, ok balagy we täze ädigi bardy. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)
Keselden halas edilmek, sagaldylmak.
Merezel keseli düýpli bejerilýär. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)
Şikesli gözleri bejerilýär. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)
Şikesli gözleri bejerildi tiz, Hünärli wraçlar açdy gözüni. (A. Haýydow, Gök asman)
Remont edilmek, tikilmek, ýasalmak, düzeldilmek.
Tertibe salynmak, tijelmek.