Adam ýa-da haýwan organizminiň daş görnüşiniň formasy, organizm, endam.
Jeňňel tarapdan dowam eden garaşylmadyk geň galdyryjy ses onuň depe saçlaryny üýşürdi, diňe onuň düwlen ýumrugy däl, belki, onuň demir ýaly berk bedenini hem pagyş-para gowşatdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Onuň berdaşly bedeninde, ýanyp duran gara gözlerinde gujurlylyk duýulýardy. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
Endama şikes ýetirmek, urmak bilen berilýän jeza.