Beýle etmek, beýle bolmak, şeýle etmek.
Arman, Gülsoltandaky päk ýürek beýtmäge ýol bermeýär. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Olar näme üçin beýtdilerkä? -- diýip, olaryň raýyny aňlamak üçin, özi bilmediksirän bolup sorady. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Beýtmek gerek däl, janym! (M. Gorkiý, Ene)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem beýtmek - beýdýär, beýder, beýdipdir.