Aşakdan ýokaryk uzalyp giden, ýokary göterilip duran, belent.
Maşynymyz bir beýige çykyp, bir pese düşüp, oýluk meýdanyň kesesinden girdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Bular şol gidip baryşlaryna, öňlerinden bir beýik depe çykan. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)
Ähmiýeti ägirt uly bolan, abraýly, görnükli.
Taryhyň bezegi, eý beýik ynsan, Guwanýar adyňa zähmet dünýäsi. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem beýik - beýigi.