bazbent baz‧bent

[ba:zbent]

Çagalaryň kürtesiniň arkasyna dakylýan üsti gaşly, gyrasy zynjyr düwmeli, tegelek, gyzylly kümüş şaý.

  • Bukjanyň içinden ýüzüne tylla çaýylyp ýasalan kümüş ýaý, bazbent we başga şular ýaly şelpeli çaga şaýlary çykdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem bazbent - bazbendi.


Duş gelýän formalary
  • bazbendi