batyrmak işlik

  1. Suwa ýa-da suwuk zada çümdürmek; gark etmek.

    • Baldaklaryny suwa batyryp oturan üzüm agaçlarynyň aşagyndaky kenarda Hallar otyrdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Olar çöregi bölekleşdirip, jamdaky çorba batyryp, işdä bilen iýýärdiler. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  2. Degirmek, bulamak (palçyga, laýa).

    • Aýagyňy laýa batyrmak.

  3. Çümdürmek, sançmak, urdurmak.

    • Aýagyna tiken batyrdy.

  4. Uly zyýan çekdirmek, bergidar etmek.

    • Söwdasyny batyryp, gedaý gezipdir. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)