batyrlyk

[ba:tyrlyk]

Edermenlik, gahrymanlyk, gaýratlylyk, gorkmazaklyk.

  • Batyrlygyň ýetmezligini ýaşlar hemme zatdan erbet görýärler. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)

  • Aýsoltana habar gatmaga batyrlyk edip bilmeýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem batyrlyk - batyrlygy.

batyrlyk satmak

Batyrsyramak, özüňi batyr hasap etmek.

  • Onuň ýaly ýalçy itler batyrlyk satmasynlar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Annadurdy biderek batyrlyk satanyna puşman edip, ýöwselläp başlady. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)


Duş gelýän formalary
  • batyrlyga
  • batyrlygam
  • batyrlygy
  • batyrlygy-da
  • batyrlygymy
  • batyrlygyna
  • batyrlygyndan
  • batyrlygyny
  • batyrlygynyň
  • batyrlygyň
  • batyrlygyňam
  • batyrlygyňy
  • batyrlygyňyz
  • batyrlygyňyzy
  • batyrlyk-da
  • batyrlykda
  • batyrlykdan
  • batyrlykdyr
  • batyrlyklaryna