batyrgaýlyk

[ba:tyrgaýlyk]

Batyrgaý bolmaklyk, gorkmazaklyk, dogumlylyk, gaýduwsyzlyk.

  • Men öňde baryjy, progressiw zatlary batyrgaýlyk bilen özleşdirýärin.

  • Şonuň üçin hem ol batyrgaýlyk bilen jogap berdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem batyrgaýlyk - batyrgaýlygy.


Duş gelýän formalary
  • batyrgaýlyga
  • batyrgaýlygam
  • batyrgaýlygy
  • batyrgaýlygyna
  • batyrgaýlygyny
  • batyrgaýlygyňa
  • batyrgaýlyklaryna