batyr sypat

[ba:tyr]

Batyrlyk görkezýän, ýürekli, gorkmazak.

  • Emma ol geçelge ýönekeý, aňsatja geçäýmeli ýer bolman, gaty hatar ýer ekeni, ondan diňe batyrlar geçip biljek ekeni. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Batyr ýigit-köp şirleri, Döretdiň seň, Türkmen halky. (Durdy Gylyç, Goşgular)

  • Söýgüli Watanym-Türkmenistanym. Ozal salam bolsun batyr halkyňa. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  • Batyr ýarasyz bolmaz. (nakyl)

  • At ýortuşda belli, gurt-ýyrtyşda; är göreşde belli, batyr-söweşde. (nakyl)

dili batyr

seret dil

  • Garlynyň pikiriçe, ogullarynyň iň dili batyry hem ýeke sözlüsi Myratdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)


Duş gelýän formalary
  • batyra
  • batyram
  • batyrda
  • batyrdan
  • batyrdanam
  • batyrdy
  • batyrdygyny
  • batyrdylar
  • batyrdym
  • batyrdyr
  • batyrdyň
  • batyrdyňyz
  • batyrja
  • batyrjamy
  • batyrlar
  • batyrlara
  • batyrlaram
  • batyrlarda
  • batyrlardan
  • batyrlary
  • batyrlaryna
  • batyrlaryny
  • batyrlarynyň
  • batyrlaryň
  • batyrlaryňyzam
  • batyrlyga
  • batyrlygam
  • batyrlygy
  • batyrlygymy
  • batyrlygyna
  • batyrlygyndan
  • batyrlygyny
  • batyrlygynyň
  • batyrlygyň
  • batyrlygyňam
  • batyrlygyňy
  • batyrlygyňyz
  • batyrlygyňyzy
  • batyrlyk
  • batyrlykda
  • batyrlykdan
  • batyrlykdyr
  • batyrmyş
  • batyrmyşam
  • batyrrak
  • batyry
  • batyrym
  • batyrynyň
  • batyryň
  • batyryňam