batrak

Baýyň hojalygynda işleýän hakyna tutma işçi.

  • Düýnki batrak-ynha men bu gün obaň eýesi. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

  • Bir batrak bir baýyň gyzyna aşyk bolýar. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem batrak - batragy.


Duş gelýän formalary
  • batraga
  • batragy
  • batragyň
  • batraklar
  • batraklara
  • batraklardan
  • batraklary
  • batraklaryna
  • batraklaryň
  • batrakly