Ol özüni batyp barýan gäminiň üstünde durýan ýaly duýýardy. (N. Jumaýew, Ak derek)
Palçyga girmek, laýa bulaşmak, çägä gömülmek, çümmek.
Onuň ýalaňaç aýagy ýabyň çägesöw çygly raýyşyna batypdyr. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Kartalaryň takyk däldigi üçin, batan ýük maşyny üçin gahary geldi. Ol ürgün çägä batyp, öňe-yza urunýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Görünmez bolmak, ýaşmak (asman planetalary hakda).
Aý batanda, adamlar hem ýatdylar. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Uzak günläp dumly-duşa ot sowurýan gyzgyn Gün ýaňyja batypdy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Ömrüzaýa ýyldyz kimin bataýyn, Şu ýerlerde hiç kararym ýok meniň. («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»)
Uly zyýan çekmek, zyýan görmek.
Söwda edip batmak.
Elime tiken batdy.
seret gam
Ýene-de Ýegorjyk birden gama batdy. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)
seret der
Bir haýukdan soň, ýorganyň içinde gara dere batyp, hopugyp ýerinden galdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
seret gaýgy
Artygyň gaýga batanyna dözüp bilmedik Aýna: --Wiý, oglan, saňa näme bolaýdy? -- diýip sorasy geldi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
seret iňkis
Birdenkä-de agyr iňkise batdym. («Tokmak» žurnaly)
seret maňyz
Biriniň göwnüne ýakan zat beýlekisiniň maňzyna batmaýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Meniň bu sözlerim onuň maňzyna batmadyk bolara çemeli. (B. Pürliýew. Ilkinji gün)
seret pikire batmak
Ol başam barmagyny agzyna ýetirip, uly oýa batdy.
seret pikir
Ol öýe girip, birentek wagtlap çuň pikire batyp oturdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
seret uky
Indi ynjalyp, süýji uka batdy. (R. Seýidow, Bagtlylar)
seret ýürek
Şol sowuk söz hanjar ýaly onuň ýüregine batýardy, maýda-maýda dograýardy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)