bat bat at

[ba:t]

  1. Bir işi ýerine ýetirmek üçin jemlenen gaýrat, güýç, gujur, kuwwat, hereket.

    • Bat gerek mundan ötmäge, Guş gerek kowup ýetmäge. («Görogly» eposy)

    • Ýel ýelkene bat berip, gämini öňüne itekleýär.

  2. Bir işiň ýerine ýetirilişiniň çägi, möçberi, derejesi, gerimi.

  3. Haýbat.

Ýazuw düzgüni

Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem bat - badym, badyň.

bady gaçmak

Bady ýatmak, sussy basylmak, haýbaty gowşamak.

badyny almak

Badyny ýatyrmak, sussuny basmak, haýbatyny gowşatmak.

bat bilen

Bar güýjüň bilen, bat alyp.

  • Ine şol ýaby! -- diýip, bat bilen ýaba topulypdyr. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)

  • Şol wagt möjek atyň artky aýagyna ýakynlaşyp seredýär weli, at hem ýagşyja çemine salyp, goşa toýnagy bilen möjegiň maňlaýyna bat bilen depýär. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)

batbermek

  1. Bir zadyň badyny güýçlendirmek, hereketini güýçlendirmek;.

  2. Birini öwüp götergilemek.

özüňe bat bermek

Haýbatly görünmek.

  • Ol özüne bat berýän adamdy.


Duş gelýän formalary
  • bada
  • badam
  • badamy
  • bady
  • badym
  • badyma
  • badymy
  • badymyz
  • badymyza
  • badymyzy
  • badyn
  • badyna
  • badynda
  • badyndaky
  • badyndan
  • badyny
  • badynyň
  • badyň
  • badyňa
  • badyňy
  • badyňyz
  • badyňyza
  • badyňyzy
  • bat-da
  • batda
  • batdan
  • batdy
  • batdygy
  • batdyk
  • batdylar
  • batdym
  • batdyr
  • batdyň
  • batdyňmy
  • batlara
  • batlarda
  • batlary
  • batlaryna
  • batlaýyn
  • batly
  • batlydy
  • batlylar
  • batlylaryň
  • batlylygy
  • batlylyk
  • batmyşam