Biriniň ýa-da bir zadyň üstüni ýapmak, örtmek.
Tok uran adamy gum bilen basyrmak zyýanlydyr.
Döläniň üstüni basyrmak.
Syry gizlemek, günäni ýaşyrmak, kemçiligi, ýalňyşlygy paş etmezlik.
Kemçiligiň üstüni basyrmak bolmaz.
Jüýje çykartmak üçin kürk bolan towugyň aşagyna ýumurtga salyp oturtmak.
Men şol ýagyşlyk ýylyň ýazy iki towuk basyrdym. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Gatyk etmek üçin bişen süýde gönezlik atyp, gabyň üstüni örtüp goýmak.
Gyzym sen okuwyňa gitmänkäň, süýdi bişir-de, basyryp goý. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Ondan soň geçi agşam süýdüni bişirip, basyryp, gowy gatykdan bir ýanlyk edip, ertesi arkasyna göterip, kazynyň ýanyna gidipdir. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)