bassaşlyk bas‧saş‧lyk

  1. Biri-biriň yzyndan dogulmaklyk tirkeşiklik (çaga barada).

  2. Biri-birinden kem galmajak bolmaklyk, biri-biriňi gysganmaklyk, bäsdeşlik.

    • Olar ters bolmasalar-da, bassaşlyklary bardy. (N. Baryhanow, Saýlanan eserler)

    • Ol kiçijik agtygynyň dogumlydygyna bassaşlyk etdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem bassaşlyk - bassaşlygy.


Duş gelýän formalary
  • bassaşlygy
  • bassaşlygym
  • bassaşlyklary