Agram salmak, üstünden aşaklygyna gysmak.
Indi çep pedaly bas-da, goýberme, çetki sag pedaly ýuwaşja bas -- diýdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Sag eline laýyk gelip duran ýylpyldawuk metallary basdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Ýandagy bassaň, küde bolar, bedäni bassaň-pide. (nakyl)
Üstün çykmak, boýun egdirmek, ýeňmek.
Iki golsuz, bir aýaksyz adamyny basmak bolsa duşmana has hem ýeňil düşjegini bilýärin. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Bir ýere toplamak, üýşürmek, toplanmak, üýşmek.
Olaryň yk tarapyny gar basypdyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Oty bassyrmanyň üstüne basdym. Ýandak basmak. Odun basmak.
Aralaşmak, örtmek.
Ol çal saçly, ýüzüni ýygyrt basan adam bolupdyr. («Tokmak» žurnaly)
Eti garynja basypdyr.
Türmä salmak, tussag etmek, ýüklemek, urmak.
Eziz bolup duran düzgünsiz nyzamy bolup, atlary eşelona basmaga höküm berdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
seret bagyr
Knýaz zyba gyzy bagryna basdy. (A. S. Puşkin, Ertekiler)
Gaýratly, edenli bolmak, dogumly bolmak.
Ýaş gözleri ýanyp duran, basan ýerinden ot çykýan gelniň demi-demine ýetmeýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
seret dag 2
Gurduň endamyna daglar basmaga başladylar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
seret der
Ony gara der basdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
seret gara
seret keçe
Aýalym aýalyňa keçe basyşýar, ol nä iş dälmi? (Tokmak» žurnaly)
seret uky
Uky basan guş görende, Ýyldyrym dek uçup barar. («Mydam Taýýar» gazeti)
Hil, mukdar, dereje taýdan bäri ýanynda bolmak, deňräk bolmak.
Soltansöýün ýöne bir soltan bolman, Myralynyň yzyny basyp ýatan şahyr ekeni. (Myraly)