baslykmak bas‧lyk‧mak işlik

  1. Biri-biriniň üstüne basylyp goýlup dymjykmak, heňlemek (ot-iým, iýmit hakynda).

  2. Köp mukdarda ýygnanmak, toplanmak, üýşmek.

    • Birnäçe aýlap baslygyp ýatan garlar eräp akýardylar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem baslykmak - baslygýar, baslygar, baslygypdyr.


Duş gelýän formalary
  • baslygan
  • baslygyp
  • baslygýar-da
  • baslykma
  • baslykmak
  • baslykmazlyk