Dokmaçylyk Haly dokalanda: Çitimden soň darak kakylanda, erşi gyrmazlyk üçin erşiň arasyndan öllenip geçirilýän ýüplük.
Aýnanyň çitimi doldy. Ondan soň baslyk ötürip, dartysyny berk çekdi-de, darak urmaga oturdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem baslyk - baslygy.