basgançak bas‧gan‧çak

  1. Aýak basyp ýokary çykmak we aşak düşmek maksady bilen daşdan ýa-da agaçdan keseligine goýlup ýasalan gurluş, merdiwan.

    • Men basgançakdan tiz-tiz ýokary çykdym-da, otaga girdim.

    • Şol mahal arka ýüzdäki tamlaryň biriniň agaç basgançagyndan düşüp, özüne bakan ugran gara göz gyz, şol gospitalyň naçalniginiň edarasynda gören gyzydy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Şu jaýyň sag gapdalyndaky sarymtyl ýylmanak daşdan örülen ajaýyp basgançaklardan ýöräp ýokary çykdy. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

  2. Bir zadyň ösüş, orun tutuş ýa-da guramaçylyk derejesi.

    • Emma munuň özi okuwçylaryň ylma bolan höwesini ösdürmegiň we terbiýelemegiň diňe birinji basgançagydyr. (I. T. Ogordnikow, P. H. Şimbirýow, Pedagogika)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem basgançak - basgançagy.


Duş gelýän formalary
  • basgançaga
  • basgançagam
  • basgançagy
  • basgançagydyr
  • basgançagyna
  • basgançagynda
  • basgançagyndaky
  • basgançagyndan
  • basgançagyny
  • basgançagynyň
  • basgançagyň
  • basgançak-da
  • basgançakda
  • basgançakdaky
  • basgançakdakysyndan
  • basgançakdan
  • basgançakdyr
  • basgançaklar
  • basgançaklara
  • basgançaklarda
  • basgançaklardaky
  • basgançaklardan
  • basgançaklardyr
  • basgançaklary
  • basgançaklary-da
  • basgançaklarydyr
  • basgançaklaryna
  • basgançaklarynda
  • basgançaklaryndadyr
  • basgançaklaryndaky
  • basgançaklaryndan
  • basgançaklaryny
  • basgançaklarynyň
  • basgançaklaryň
  • basgançaklaýyn
  • basgançakly
  • basgançaklygy
  • basgançaklygyna
  • basgançaklyk
  • basgançaklylygy
  • basgançaklyny
  • basgançaksyz