Aram, göwünlik, rahatlyk, ynjalyk, çydam.
Emma il-günden utanyp, ýüregine basalyk berýär. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Men özüme basalyk berjek boldum. (M. Gorkiý, Eserler)
Emma ol özüni mertlerçe saklap, beýlekilere-de basalyk bolýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Men birden gaharlanyp, gygyrsam gygyrypdyryn-da, sen beri maňa basalyk bolsaň bolmaýarmy? (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem basalyk - basalygy.