barmak 1 at

Anatomiýa Penjäniň ýa-da daraklygyň aýry-aýry bogunly bölekleri, el-aýagyň gutarýan ujy.

  • Eliniň başam barmagy bilen düwmäni basdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Ol barmagyň hünärli köp zatlary döredýär. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  • Başam barmak baş getir. (Sanawaç)

  • Bilen bilenin işlär, bilmedik barmagyn dişlär. (nakyl)

  • Bal tutan barmagyny ýalar. (nakyl)

barmak dişlemek

  1. Geň galmak, haýran bolmak;.

  2. Eden işiňe ökünmek.

bäş barmagyň ýaly bilmek

Örän gowy bilmek.

  • Ol maşynyň ähli böleklerini bäş barmagy ýaly bilýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

barmak 2 işlik

  1. Bir ýere ýa-da biriniň ýanyna gelmek, gitmek, ýetmek.

    • Siz ýoldaşyňyzyň ýanyna barmak isleýärsiňizmi? Myhman ýerime bardym-da, iş oňarmaýanlygymy aýtdym. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

    • Bar okaram, gel okaram, barmasaň, gelmeseň, ara ýolda döwül okaram. (Sanawaç)

  2. Belli bir derejede, depginde öňe hereket etmek, gitmek.

    • Bularyň döwek işleri şowly barýardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  3. Kömekçi işlik funksiýasynda ysnyşyp gelýän işligi bilen birlikde ýakynlaşmagy görkezýär.

  4. Alyp barmak, bolup bolmak, ýakyp barmak, ýetip barmak we ş. m.

baryp ýatan

Iň gowy ýa-da iň erbet, aňrybaşy.

etek alty ýeň ýedi bolup barmak

Hasanaklap barmak, alakjap barmak.

hak öýüne barmak

Gurban bolmak, ölmek.


Duş gelýän formalary
  • barmaka
  • barmakda
  • barmakdaky
  • barmakdan
  • barmakdy
  • barmakdyr
  • barmaklar
  • barmaklara
  • barmaklarda
  • barmaklardaky
  • barmaklary
  • barmaklary-da
  • barmaklarydyr
  • barmaklarym
  • barmaklarymy
  • barmaklarymyň
  • barmaklaryn
  • barmaklaryna
  • barmaklarynam
  • barmaklarynda
  • barmaklaryndaky
  • barmaklaryndan
  • barmaklaryny
  • barmaklarynyň
  • barmaklaryň
  • barmaklaryňy
  • barmakly
  • barmaklyga
  • barmaklygy
  • barmaklygydyr
  • barmaklygyna
  • barmaklygynyň
  • barmaklygyň
  • barmaklyk
  • barmaksyz
  • barmakça