balyk ba‧lyk at

[ba:lyk]

Zoologiýa Žabralary bilen dem alýan, suwda ýaşaýan oňurgaly haýwanlaryň umumy ady.

  • Wah, hawa-la, heý balyk hem suwsuz oňarmy? (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  • Men maşgalamyň gündeki iýjegini balyk tutup, gündekisini günde tapýardym. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

  • Balygyň diriligi suw bilen. (nakyl)

  • Balyk başyndan porsar. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem balyk - balygy.


Duş gelýän formalary
  • balyga
  • balygam
  • balygy
  • balygym
  • balygymy
  • balygymyz
  • balygymyzy
  • balygyn
  • balygyna
  • balygynda
  • balygyndan
  • balygyndanam
  • balygyny
  • balygynyň
  • balygyň
  • balygyňam
  • balygyňky
  • balygyňy
  • balygyňyzdan
  • balyk-da
  • balykda
  • balykdan
  • balykdanam
  • balykdyr
  • balyklar
  • balyklara
  • balyklaram
  • balyklarda
  • balyklardan
  • balyklardyr
  • balyklary
  • balyklarymyzy
  • balyklaryn
  • balyklaryna
  • balyklaryndan
  • balyklaryny
  • balyklarynyň
  • balyklaryň
  • balyklaryňam
  • balykly
  • balyklydyr
  • balyklyk
  • balykça