balkyldatmak işlik

Öwşünli ýaldyratmak, alartmak.

  • Gözün balkyldadyp her ýan garaýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Ýaşly gözlerini ejesine tapyşan çagaňky ýaly balkyldatdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem balkyldatmak - balkyldadýar, balkyldadar, balkyldadypdyr.


Duş gelýän formalary
  • balkyldadyp
  • balkyldatdy
  • balkyldatma
  • balkyldatmaga