balkon

  1. Jaýyň ýokarky gatynyň gapysynyň agzynda gurlan daşy aýlawly eýwan.

    • Ol penjiräniň öňüne geçip, balkona çykdy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  2. Teatrda tomaşaçylar oturýan orta ýarusdaky ýer.

    • Ozal bir wagtky ýaly, arakesmede gyzlar biri-birinden öň barjak bolup, balkonlara eňmeýärdiler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • balkona
  • balkonam
  • balkonda
  • balkondan
  • balkonlar
  • balkonlara
  • balkonlarda
  • balkonlardan
  • balkonlary
  • balkonlaryna
  • balkonlaryndaky
  • balkonlaryny
  • balkonlaryň
  • balkonly
  • balkony
  • balkonymyzy
  • balkonyna
  • balkonynda
  • balkonyndaky
  • balkonyň