Gylyjy berk saklamak üçin gynyň agzyndaky demir gurşaw.
Olar gylyçlarynyň baljaklaryna ýapyşýarlar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ol kümüş gynly gylyjynyň taljak taýyny özüne bakan öwürdi-de gobsundy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem baljak - baljagy.