[ba:la]
Çaga, perzent.
Aşyr jan, sen hem meniň balam! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Balam, indi saňa öýlenmäge wagt ýetipdir. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Balalarym, kakaňyzy hem unutmaň. («Tokmak» žurnaly)
Bal süýji, baldan bala süýji. (nakyl)
Mekdebe çenli ýaşdaky çagalary terbiýeleýän edara.
Nazar öň balalar bakjasynda terbiýelenip, häzir başlangyç mekdebiň okuwçysydy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
[ba:la]
Uguň ýolnup, tüýnügiň gözlerine geýdirilýän ujy.
Öýüň çagarygy gurum bilen doludy, oklaryň balalary ikinji gezek çykarylypdyr. Onuň öý kökleri gyrlyşyp ýatyrdy synyk-synykdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)