bal bal 1

  1. Ary maşgalasynyň her hili gül şirelerinden hasyl edýän süýji maddasy, önümi.

    • Bal süýji, baldan bala süýji. (nakyl)

    • Arynyň zäherin çekmedik, balyň gadyryn näbilsin. (nakyl)

  2. Gepleşik dili Örän süýji, tagamly, oňat.

    • Çorba bala dönüpdir.

bal güne batmak

seret gün

  • Seni oda atyp, men özüm bal günüme batjakmy? (B Kerbabaýew, Aýsoltan)

baly goýulmak

  1. Gowy bişmek.

  2. Akyly jemlenmek, akyly durlanmak.

gulaga bal bolup dammak

seret gulak

  • Onuň geplän gepleri Muhammediň gulagyna bal bolup damdy. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

bal bal 2

Uly tans agşamy.

  • Korolyň köşgünde ballaryň we her hili tomaşalaryň yzy üzülmändir. (Orta asyrlar taryhy)

bal bal 3

Tebigy hadysanyň güýjüni, derejesini belleýän görkezýän ölçeg birligi.

  • Aşgabatdaky ýer titremäniň güýji 7-8 bala ýetdi.


Duş gelýän formalary
  • bala
  • balady
  • balam
  • balamy
  • balda
  • baldan
  • baldanam
  • baldy
  • baldygyny
  • baldyr
  • baldyrlar
  • ballam
  • ballar
  • ballarda
  • ballary
  • ballarymy
  • ballarymyz
  • ballarymyzyň
  • ballaryny
  • ballarynyň
  • ballaryň
  • bally
  • ballydy
  • ballydyr
  • ballyk
  • ballym
  • ballyma
  • ballyny
  • ballynyň
  • ballyň
  • balmydyr
  • balsyz
  • baly
  • balym
  • balyn
  • balyna
  • balynda
  • balyndan
  • balyny
  • balynyň
  • balyň