baky ba‧ky at

[ba:ky]

Hemişelik, mydamalyk, müdimi.

  • Köneler dek bagta atmaýas paly, Baky sapa berdi hakykat ýoly. («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»)

baky öý

seret öý

  • Belki, bu garry tä ömri paýaw bolýança, iň soňky baky barjak öýi-gabra hem şol päli-niýeti bilen ýoldaş bolup barar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

baky ba‧ky 2 at

  1. Semretmek üçin edilýän ideg.

    • Munuň özi tomus bakylardan soňra semiz, agyr agramly we az sanly mal bilen et postawkasyny ýerine ýetirmäge kolhozlara mümkinçilik berer.

  2. Otluk meýdan, öri.

baka goýmak

Maly semretmek üçin ýörite idetmek, bakmak.

  • Biz baka goýlan goýun ýaly iýip-içip ýatmalymy? (B. Seýtäkow, Gyz salgydy)


Duş gelýän formalary
  • baka
  • bakam
  • bakyda
  • bakydaky
  • bakydan
  • bakydygy
  • bakydygyny
  • bakydyr
  • bakylardan
  • bakylardy
  • bakyly
  • bakylyga
  • bakylygy
  • bakylygyny
  • bakylygyň
  • bakylyk
  • bakylykdan
  • bakyma
  • bakysy
  • bakyň