bahyl ba‧hyl

[bahy:]

Gysganç.

  • Bahyl wezirleriň gözi teňňe bilen gidipdir. (Myraly)

  • Suw bermän guýusyn gulplady bahyl, suwy daşdan çekip, içdim ýarym ýyl. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Bahyl baýda berim bolmaz. (nakyl)

  • Biriniň işiniň şowly bolmagyny görübilmeýän, görip.

  • Men oňa bahyl däl, guş bolup uçsun. («Tokmak» žurnaly)

  • Görip-bahyl adamlary ýigrenýärin. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Bahylyň bagy gögermez; gögerse-de, miwe bermez. (nakyl)

  • Ýandagy ýaýnatma, bahyly baýnatma. (nakyl)


Duş gelýän formalary
  • bahylam
  • bahyldy
  • bahyldyr
  • bahyllar
  • bahyllardan
  • bahyllary
  • bahyllaryň
  • bahyllygam
  • bahyllygy
  • bahyllygymyz
  • bahyllygyň
  • bahyllyk
  • bahyllykdan
  • bahyllykdy
  • bahyllykdyr
  • bahyllykmy
  • bahyly
  • bahylyň