Ýalan sebäp, esassyz delil, bolgusyz sebäp.
Işlemäge gelen bolsaň, bahana etme-de işläber. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Mähriniň ejesi: -- Bu gyz okuwyň başlananyny duýmandyr -- diýip, bahana etdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Her gün işden gelende bolgusyz bahanalar tapyp, güni aýal ýaly iňirdäp. Käte hem sak-suk edip, Mamagüle azar ýamanyny bererdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Bahanam «akja bäbek! -- bildir bolsaň bolmadymy. (nakyl)
Bir maksat bilen bahana gözlemek, esassyz delil tapjak bolmak.
Ol gülmek üçin diňe bahana araýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)