Anatomiýa Adamda, haýwanlarda sag gapyrganyň aşagynda, garyn bilen kükregiň aralygynda ýerleşip, öt işläp çykarýan organizm, jiger.
Garnyň ýanynda bagyr ýerleşýär. (W. F. Şalaýew, N. A. Rykow, Zoologiýa)
Göçme manyda Gujak, kükrek, döş.
Duşman özüniň ganly hanjaryny Watanyň bagryna dirän wagty, gorkunç howpuň Watanyň üstüne abanan wagty, Wepa ýaly gujurly ýigitler heý durup bilermi! (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.
Meselem bagyr - bagry.
Gujaga gysmak, gujaklamak.
Aýsoltan gowaçany emaý bilen çekdi-de bagryna basdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Gutlaýaryn, gyzym! -- diýip, meni bagryna basdy. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
Seni gyzkaň bagryma basjakdym welin, bolmady. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Doň ýürek, mähirsiz.
Bagry buz, sözleri uz, dişleri dürdäne gözel. («Türkmen Halk Şahyryna Döredijiligi»)
Gaty gynanmak, ýanmak, köýmek.
Göripleriň bagry tütäp örtensin pygan edip, Ýeňiş bilen işiň öňe sürgün, söýgülim, bu gün! (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)
seret badaşmak
Eziz bilen biziň bagrymyz badaşmandyr. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Görünmezlik maksady bilen ýüzin ýatyp, öňe hereket etmek.
Ýol boýy bagryň bilen süýşüp ýöremelidi.
Zordan ýöremek, hereket etmek (ýadawlyk, syrkawlyk we ş. m. sebäpli).
Juda köp azap çekmek, ynjamak, ýanyp-bişmek.
Buhara emiriniň zulumy, Etdi bagrymyzy kebap. (R. Seýidow, Eserler)
seret bagryňy kebap etmek bagryňy kebap etmek
Baý, bu meni nätdi? Edil bagrymy ýakdy-da goýaýdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Çaganyň aradan çykmagy zerarly ene-ata tarapyndan bildirilýän çuň gynanç, çekilýän azar, gam.
Balam, bagyr awusy ýaman zat. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Mähriban, gaty içgin, yhlasly.
Örän yhlas bilen ýapyşmak, janypkeş bolmak.