Biriniň günäsini ötmek, günäsini geçmek.
Ol öz doganynyň bu gödekligini bagyşlap bilmedi. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
Seniň şu derejä ýeten Türkmen gyzy boldugyňa şek ýetirjek bolan bolsam, elbetde, sen meni bagyşlarsyň. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Bir zady peşgeş bermek, sylag hökmünde bermek, bagyş etmek.
Sapak çekilen ýigit hem ümeçi gelin-gyzlara bir zat bagyşlamaga borçly bolardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Bir zadyň ýa-da biriniň şanyna bagyş etmek, bir zadyň hormatyna teklip etmek, niýetlemek.
Zelili bu temada ýazan şygyrlarynyň köpüsini ýaşlykda söýşen gyzy Döndä bagyşlapdyr. Ol iň gözel, iň şirin sözlerden çemen baglaýar. Ol çemeni özüniň taryp edýän gözeline bagyşlaýar. («Edebiýat»)