bagt bagt at

  1. Durmuşdan razylyk, ýaşaýyşdan hoşallyk, kanagatly durmuş, şatlykly ýagdaý.

  2. Üstünlik, rowaçlyk, şowlulyk, abraý, hormat.

bagt guşy uçmak

Bagty oýanmak, işi şowuna düşüp başlamak.

bagta töwekgellik etmek

Bagty synap görmek, töwekgellik bilen bir işi etmäge synanyşmak.

  • Näme-de bolsa bagta töwekgellik edip, haty eltip bermeli. («Görogly» eposy)

  • Tämiz söýgiň ady heý-de öçermi? Bagt guşy hiç sebäpsiz uçarmy? (D. Baýmyradow, Söýgi we mekirlik)

bagty açyklyk

Işi rowaçlylyk.

  • Ol gyzynyň açyk bagtlylygyny isleýärdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

bagty gara

Eden işi ugra barmaýan, şowuna düşmeýän.

  • Garyp bilbil, bagty gara, Ýüregime salma ýara. («Görogly» eposy)

bagty getirmek

  1. Edeni ugruna bolmak, işi şowuna düşmek.

    • Onuň bagty getirdi.

  2. Bagty daş ýarmak.

  3. seret bagty getirmek bagty getirmek

    • Mahlasy onuň bagty daş ýarýardy. («Tokmak» žurnaly)

bagty ýatan

Şowsuzlyga, betbagtlyga sezewar bolan.

  • Bagtymyz ýatdy, ýoldaşlar, Gök ekinleri gün ýakar. (Çary Aşyr, Ganly saka)

bagtyny açmak

  1. Işini şowly etmek, rowaçlandyrmak.

  2. Durmuşa çykarmak, äre bermek.

    • Eger sende heniz belgili bir zat ýok bolsa, meniň bagtymyň ýüzüne öz elim bilen çeken gara perdämi syrarsyň, bagtymy açarsyň, şatlandyrarsyň. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

bagtyny ýatyrmak

Çykgynsyz ýagdaýa salmak, işini gaýtarmak.


Duş gelýän formalary
  • bagta
  • bagtam
  • bagtdan
  • bagtdygyny
  • bagtdyr
  • bagtlary
  • bagtlaryny
  • bagtlaryň
  • bagtly
  • bagtlydy
  • bagtlydyk
  • bagtlydyr
  • bagtlydyrlar
  • bagtlykdan
  • bagtlylar
  • bagtlylaryň
  • bagtlylygym
  • bagtlylyk
  • bagtlylykdan
  • bagtlyň
  • bagtsyz
  • bagtsyzlaryň
  • bagtsyzlyga
  • bagtsyzlygy
  • bagtsyzlygymyň
  • bagtsyzlygyndan
  • bagtsyzlygyň
  • bagtsyzlyk
  • bagtsyň
  • bagty
  • bagtydyr
  • bagtym
  • bagtyma
  • bagtymam
  • bagtymdan
  • bagtymdy
  • bagtymmy
  • bagtymy
  • bagtymyz
  • bagtymyza
  • bagtymyzdan
  • bagtymyzy
  • bagtymyzyň
  • bagtymyň
  • bagtyn
  • bagtyna
  • bagtynda
  • bagtyndan
  • bagtyny
  • bagtynyň
  • bagtyň
  • bagtyňa
  • bagtyňdan
  • bagtyňy
  • bagtyňyz
  • bagtyňyza
  • bagtyňyzyň