[ba:gly]
Baglanyp goýlan, daňylgy.
Gazykda bagly gara göle gözüni mölerdip seredýär. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Ýapyk, gulply, berkidilen.
Düýn men baranymda, Jereniň gapysy baglydy.
Birine ýa-da bir zada garaşly, asyly bolan.
seret gol 1
Goly bagly bendidik, Barymyz azat etdi, Ygtyýar hem erk berdi, Gamly göwni şat etdi. (Mollamurt, Saýlanan eserler)
seret göz
Erk berdi, bagly gözüňiz açdy. Ýaşaň, aýal-gyzlar, zamanyň geldi. (Durdy Gylyç, Goşgular)
Ýalňyş barada habar ber Söz hödürle
Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.