baglanyşykly sypat

[ba:glanyşykly]

  1. Aragatnaşyk saklaýan, gatnaşykly bolan, aragatnaşykly.

    • Ol bütin goşunyň söweşi bilen baglanyşykly. (A. Atajanow, Iki poema)

  2. Bir zada esaslanan, biri-birine bagly bolan, asyly bolan, dahylly bolan.

    • Okatmak işini durmuşa baglanyşykly etmäge çalyşýardy. (I. T. Ogordnikow, P. H. Şimbirýow, Pedagogika)

    • Onuň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly «Kemine we Kazy» Operasy döredildi. («Edebiýat»)

  3. Logika we grammatika taýdan yzygiderli, manyly bolan.


Duş gelýän formalary
  • baglanyşyklydy
  • baglanyşyklydygy
  • baglanyşyklydygyna
  • baglanyşyklydygyndan
  • baglanyşyklydygyny
  • baglanyşyklydyr
  • baglanyşyklydyrlar
  • baglanyşyklylary
  • baglanyşyklylarynyň
  • baglanyşyklylyga
  • baglanyşyklylygy
  • baglanyşyklylygyna
  • baglanyşyklylygyndan
  • baglanyşyklylygyny
  • baglanyşyklylygynyň
  • baglanyşyklylygyň
  • baglanyşyklylyk
  • baglanyşyklylykda
  • baglanyşyklymy