[ba:glamak]
Daňyp goýmak, daňyp berkitmek, daňmak.
Myrat, Tanýa itleriniň ýüpüni agaja baglap, ýap-ýaňyja ornaşypdylar. («Mydam taýýar» gazeti)
Ol geçini bar agaja baglap, näzenin aýaklaryny şildiräp akýan suwa sokup oturdy. (Aýbek, Nowaýy)
Gözel çemen baglaýar.
Ýapyp berkitmek, gulplamak (gapy we ş. m. hakynda).
Bar, oglum, gapylary baglap gel!
Grammatik termin Baglaýjylyk roluny ýerine ýetirmek.
Goşulmalar esasan söz ýasamaga we sözlemde sözleri biri-birlerine baglamaga hyzmat edýärler.
Göçme manyda Bent etmek, bendiwan etmek.
Awtor, Mahymy Tahyra päk söýgi bilen berk baglaýar. («Edebiýat»)
seret aýak
Indi Hoşgeldiniň aýagyny baglamasaň, muny saklap bilmersiň. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
seret bil
Ol öz ýoldaşlaryna bil baglaýardy.
Taýýar bolmak, häzir bolup durmak.
seret ganat
Ol begenjinden ýaňa diňe bir ganat baglap uçup bilmedi. («Tokmak» žurnaly)
seret umyt
Iň agyr günlerinde kakasyna umyt baglady. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Çopan ogly)
seret ýürek
Gaýrata galaýyn, joralarym hem kömek bererler diýip, ýüregimi bire bagladym.