[ba:g]
Uly agaçlar, ösümlik.
Aşgabat bürenip gök begres baga, Säheriň çagynda ýaş gelin ýaly. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ýaşyl don geýindi ýalaňaç baglar. (B. Kerbabaýew, Aýlar)
Her ýerde iýmişli baglar göründi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Dürli agaçlar, güller ekilip gögerdilen uçastok.
Gülälekli gök meýdan, salkyn baglar sende bar. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Täze bagymyzy suwlandyrýan çeşmämiziň gözbaşy biziň obamyzdan 6-7 kilometr uzaklykda, Köpetdagyň içinde ýerleşýär. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
Eger kärendesine bag alnan bolsa, onda hasylyň iki essesini bermelidi. (Gadymy dünýä taryhy)
Gezmek, dynç almak üçin alleýaly agaçlyk, güllükler.
Baýly agşam naharyny iýenden soň, bag tarapa gitmekçi bolup, turup ugrady. (B. Gurbanow, Duşuşyk)
seret çaga
Ol bu gün birinji gezek çagalar bagyna gidýärdi. («Bahar»)
Mamagül hem çagalar bagynda terbiýeçi bolup işleýär. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
[ba:g]
Örülip ýa-da işilip edilýän hem-de baglamak, daňmak üçin ulanylýan ýüp, daňy.