[başu:ç]
Ýatan adamyň kelle tarapy.
Batyr aga hyrçyny dişläp, gaýgyly halda başyny ýaýkady, başujynda çommalyp oturyp, ony tanajak boldy. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
Enesi onuň boşujunda gorkuly ýürek bilen titreýär. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Gije ýatyrdym welin, başujumda bir şakyrdy boldy. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)
Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar. Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem başuç - başujum, başujuň.