başlatmak işlik

Bir işe girişdirmek, bir zady işledip, ýerine getirdip ugratmak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem başlatmak - başladýar, başladar, başladypdyr.


Duş gelýän formalary
  • başladalyň
  • başladan
  • başladandygy
  • başladandygyny
  • başladandyklaryny
  • başladanlar
  • başladypdy
  • başladypdylar
  • başladypdyr
  • başladyň
  • başladýaryn
  • başlatdy
  • başlatdyk
  • başlatdylar
  • başlatmagyna
  • başlatmagyny
  • başlatmak
  • başlatmaly
  • başlatmazlyk