baş baş 1 at

  1. Adamyň ýa-da haýwanyň janly-jandaryň kellesi.

    • Onuň göreji başy şlýapaly. Gözleri äýnekli bir alyma sataşdy. Suwçy başyny ýaglyk bilen bogupdyr. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Akyl ýaşda bolmaz, başda bolar. (nakyl)

    • Başy sagyň-maly tükel. (nakyl)

    • Seresap gep daşa gala, biseresap gep başa bela. (nakyl)

  2. Käbir medeni ösümlikleriň däneli hanasy.

    • Bugdaýyň başgörkezen uçurlarydy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  3. Bir zadyň ýokary ujy, süýr depesi.

    • Agajyň başy çürelip gidýärdi.

  4. Bir zadyň töweregi, ýany, gapdaly.

    • Gazanyň başy gaýda-gaýmalaşykdy.

  5. Kömekçi söz rolunda:

    • Gök çaýyň başynda arkaýynlykda, Obada gürläliň şol sergi hakda. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  6. Bir zadyň başlanan ýeri, ilki ýüze çykan döwri, başlangyç.

  7. Bir zadyň esasy düýbi.

  8. Wezipesi, käri boýunça beýlekilerden uly, ýolbaşçylyk ediji.

    • Onda, baş agronom barmy? Bar bolsa, şony telefona çagyryň! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Garry çopan Mämmet biziň baş çopanymyzdyr -- diýdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

baş agyrtmak

  1. Ýürege düşmek, azar bermek, iňirdemek, irizmek.

    • Eýsem näme meniň başymy agyrdýarsyň?! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Nurjahan hem Artygyň başyny agyrtdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Bir zat ýa-da biri barada gürrüň etmek, agzamak.

    • Bu ikisi gör näçe okuw jaýlarynyň, gör näçe hünärleriň başyny agyrtdylar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

baş agza

seret agza

baş alyp gitmek

Bütinleý çykyp gitmek, hemişelik hoşlaşmak, aýry düşmek.

  • Ol öz tüpeňi bilen hoşlaşyp, ýurtdan baş alyp gitdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

baş atmak

  1. Razylyk bermek;.

  2. Tassyklamak.

baş aýlamak

Aldawa salmak, aldamak.

  • Armanym köp öňki öten wagtyma, Başym aýlap, şikes berdi bagtyma. (Mollamurt, Saýlanan eserler)

  • Sen meniň başymy aýlama-da, näme derdiň-aladaň bolsa açyk aýt. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

baş aýlanmak

Özüňi iýdirmek, huşuň gitmek, gözüň garaňkyramak, aljyramak.

  • Eger-de meniň başym aýlanmadyk bolsa, biziň öýümiz edil şu ýerdöläniň duran ýerinde bolmaly. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

baş bermezlik

Boýun egmezlik, diýen etmezlik.

  • Ol maňa hiç baş bermeýär.

baş bolmak

Ýolbaşçylyk etmek, ýol görkeziji bolmak.

baş çykarmak

Amal etmegi oňarmak, başaryp bilmek, ugur, ýol tapmak, çylşyrymly ýagdaýdan özüňi alyp çykyp bilmek.

  • Her ugurdan ýüzüni gyzartman baş çykarýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Dostum, häzir ikirjiňlenmek wagty däl, aýgyt etmek, dürli kynçylykdan baş çykarmak wagty. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

baş düşüm

«Kim? Näme?» diýen soraglara jogap bolýan düşüm.

baş egmek

  1. Tagzym etmek, kelläňi öňe egip saglam bermek.

    • Agam, gulluk! -- diýip, onuň göni öňüne geldi-de, elini döşünde goýup, başyny egdi. Ýagşy ýigit, sala salanyňyz üçin, siziň öňüňizde baş egýärin. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Boýun egmek, boýun bolmak.

baş galdyrmak

Garşysyna galmak, ugruna çykmak, gozgalaň turuzmak.

baş goşmak

  1. Biri bilen durmuş gurmak, birikmek.

    • Seniň bilen ömürlik ýaşamaga baş goşdum. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

    • Ejem dogry aýdýar, indi Täzegül ýaly birisi bilen baş goşmaga wagt ýetdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Bir işe girişmek, iş salyşmak.

    • Bilimizi size baglaman, biz şeýle uly işlere baş goşup bilmezdik. (M. Ibrahimow, Ol GünGeler)

baş götermek

Närazyçylyk bildirip aýaga galmak, garşylyk görkezmek, gozgalaň turuzmak.

baş öwretmek

Ideg, müngi öwretmek (mal hakda).

baş urmak

Bir kär bilen meşgul bolmak, bir käre ulaşmak.

baş üstüne

Gözüm üstüne, haýyş edýärin, men razy, men taýýar, lepbeý.

  • Baş üstüne, ýoldaş başlyk, näme işiňiz bolsa buýruň! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

başa barmak

Ýol almak, şowuna düşmek, düzelmek, ugrukmak.

başa bela gelmek

Betbagçylyga uçramak, başa iş düşmek.

  • Başa bela dilden geler. (nakyl)

başa çekmek

Bir bada içmek, içip goýbermek.

  • Bokallaryň düýbün galan şeraplary bir ýere sarkyryp başyna çekdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

başdan sowmak

Birinden, bir zatdan dynmak, başyňy gutarmak.

başy asmana ýetmek

Razy bolmak, göwni hoş bolmak, begenmek.

  • Berekella, Saran beg! -- diýse besdi. Onuň başy asmana ýeterdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Şatlykdan başy asmana ýetdi.

başy boş

Ärsiz aýal, dul aýal.

  • Aýal adam bolup başy boş gezeniňden birine melamatyňy ataýsaň kem däl. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

başy çatylmak

Gürrüňdeş bolup oturmak, duşuşmak.

başy çykmak

Habarly bolmak, seljerip bilmek, bilmek.

  • Men suratdan kän bir başy çykýan adam däl. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)

  • Olaryň bu zatlardan başy çykasy ýok. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

başyna dönmek

Eziz görmek, gadyrly görmek, mähriban görmek.

başyna goýbermek

Öz akymyna goýbermek, öz ugruna, öz ygtyýaryna goýmak.

başyna ýetmek

Bir zadyň ýa-da biriniň ýogalmagyna, ýok bolmagyna sebäp bolmak.

  • Bu Gyratyň başyna ýeter. («Görogly» eposy)

başyny bogmak

Gelin edinmek, durmuşa çykarmak.

  • Biriniň başyny bogsak bolýar. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

başyny çekmek

Duruzmak, togtatmak, saklamak.

  • Annaguly öýlerinden sähel saýlandan soň yzyna gaňrylyp, derrew ýabynyň başyny çekdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

başyň ýassyga ýetmek

Hassa bolmak, syrkawlamak.

başyňa döneýin

Ezizim, mähribanym, gadyrlym.

başyňdan gum sowurmak

Zähmet çekip işlemek;.

başyňy etegiňe salmak

Ötünç sorap barmak, günäň geçilmegini sorap barmak, günäň geçilmegini sorap ýüz tutmak, her bir zada boýun bolmak.

bir başa

Ýüzüniň ugruna, durman.

gara başyňa gaý bolmak

seret gaý

  • Orsgeldi bilen Näzik öz işleri bilen gara başyna gaýdylar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

garabaş

Ýeke-täk, bir özi, bir jan, sallah.

  • Ýeke gara başyma näme bolanym näme.

baş baş 2 at

[ba:ş]

Organizmiň käbir öýjüginiň iriňlemegi zerarly deriniň ýüzünde ýa aşagynda emele gelýän iriňli ýara.

  • Wüşi, çaga wagtynda kellesine baş düşendir. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Onuň eline baş çykypdyr.


Duş gelýän formalary
  • başa
  • başam
  • başda
  • başdady
  • başdadyr
  • başdaky
  • başdakylary
  • başdakysy
  • başdakysyndan
  • başdan
  • başdyr
  • başlam
  • başlar
  • başlara
  • başlarda
  • başlardan
  • başlardy
  • başlardylar
  • başlardyr
  • başlardyň
  • başlarmyka
  • başlary
  • başlary-da
  • başlarydy
  • başlarym
  • başlarymdan
  • başlarymyz
  • başlaryn
  • başlaryna
  • başlarynam
  • başlarynda
  • başlaryndaky
  • başlaryndan
  • başlaryny
  • başlarynyň
  • başlarynyňky
  • başlaryň
  • başlaryňdan
  • başlaryňy
  • başlaryňyz
  • başlaýyn
  • başly
  • başlydy
  • başlyga
  • başlygam
  • başlygy
  • başlygydy
  • başlygydyr
  • başlygym
  • başlygymyz
  • başlygymyza
  • başlygymyň
  • başlygyna
  • başlygyndan
  • başlygyny
  • başlygynyň
  • başlygyň
  • başlygyňa
  • başlyk
  • başlykda
  • başlykdan
  • başlykdyr
  • başlylary
  • başlylyk
  • başlym
  • başlyny
  • başlyň
  • başmy
  • başsyz
  • başsyza
  • başy
  • başydy
  • başydyr
  • başym
  • başyma
  • başymda
  • başymdaky
  • başymdan
  • başymdanam
  • başymy
  • başymyz
  • başymyza
  • başymyzda
  • başymyzdan
  • başymyzy
  • başymyzyň
  • başymyň
  • başyn
  • başyna
  • başynady
  • başynam
  • başynda
  • başyndady
  • başyndadyr
  • başyndaky
  • başyndakylar
  • başyndan
  • başyndanam
  • başyny
  • başyny-da
  • başynyň
  • başynyňam
  • başyň
  • başyňa
  • başyňam
  • başyňda
  • başyňdaky
  • başyňdan
  • başyňkydyr
  • başyňy
  • başyňyz
  • başyňyza
  • başyňyzda
  • başyňyzdaky
  • başyňyzdan
  • başyňyzy
  • başyňyzyň