baýyr ba‧ýyr

Dag etegindäki belentli-pesli depe, pes, ýapgyt dagjagaz.

  • Hoşgeldi bu gün düme ekinlerine aýlanyp baýyr hem daglara çenli gezipdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Gözellik bar baýrynda, düzünde, Jaýlar salnypdyr dagyň ýüzünde. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

  • Aşgabadyň baýyrlary, daglar eýýäm al-ýaşyl bolup gülledi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem baýyr - baýry.


Duş gelýän formalary
  • baýra
  • baýram
  • baýramy
  • baýry
  • baýrynda
  • baýryndan
  • baýryny
  • baýrynyň
  • baýryň
  • baýyrda
  • baýyrdaky
  • baýyrdan
  • baýyrlar
  • baýyrlara
  • baýyrlaram
  • baýyrlarda
  • baýyrlardan
  • baýyrlardyr
  • baýyrlary
  • baýyrlarydyr
  • baýyrlarymyza
  • baýyrlaryna
  • baýyrlarynda
  • baýyrlaryny
  • baýyrlarynyň
  • baýyrlaryň
  • baýyrly
  • baýyrlydyr
  • baýyrlyga
  • baýyrlygy
  • baýyrlygyna
  • baýyrlygynda
  • baýyrlygyny
  • baýyrlygynyň
  • baýyrlygyň
  • baýyrlyk
  • baýyrlykda
  • baýyrlykdyr