baýrak baý‧rak at

  1. Ýaryşda ýa-da başga bir zatda üstün çykandygy üçin bellenýän sylag.

    • Men bu ýyl hem baýragy başga adama gidermen. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  2. Belli bir işi ýerine ýetirendigi üçin, sylag hökmünde berilýän hak-pul ýa-da zat.

    • Ýeri, sen aýt, ony saňa sowgat edip beräýen adamyň baýragyna näme berersiň. (M. Ý. Lermontow, Biziň zamanymyzyň gahrymany)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem baýrak - baýragy.

baýrak meýdany

Ýaryş geçirilýän meýdan.

keçe baýragy

Keçe-keçe, ýüzük oýnunda berilýän baýrak.

  • Ýüzük oýunçylary bolsa, keçe baýragy hantamadyr. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)


Duş gelýän formalary
  • baýraga
  • baýragam
  • baýragy
  • baýragyna
  • baýragynda
  • baýragyndan
  • baýragyny
  • baýragynyň
  • baýragyň
  • baýrakda
  • baýrakdan
  • baýrakdyr
  • baýraklar
  • baýraklara
  • baýraklaram
  • baýraklarda
  • baýraklardan
  • baýraklary
  • baýraklaryna
  • baýraklaryndan
  • baýraklaryny
  • baýraklarynyň
  • baýraklaryň
  • baýrakly
  • baýraksyz