Ol gün, arada, öň öňräk.
Ýoly düşüp ol baýak, Agabaý öýme geldi. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)
Baýak bir şagaly urup, beýnisini pytratdym. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Saýak ýörme, taýak bar, şindiden däl, baýak bar. (nakyl)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem baýak - baýagy.