Örän gurply, köp hasylly, zady bol.
Müsür obşinalarynda baý maşgalalar peýda bolupdyrlar. (Gadymy dünýä taryhy)
Malk-mülk eýesi, garyplary, batraklary ekspluatirleýän barly adam.
Ilkidurmuş obşinasynda baý-da, garyp-da ýok eken. (SSSR taryhy)
Baýyň berenin görmedim, hudaýyň -- keremin. (nakyl)
Baý täze don geýse: «Gutly bolsun! » diýerler; garyp täze don geýse: «Nirden aldyň?» diýerler. (nakyl)
seret dil 2
Begenç, seniň diliň örän çeper, meňzetmelere örän baý. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Haýran galmagy, geň galmagy täsin galmagy aňladýan ümlük.
Baý, bu günüň yssydygyny! («Mydam taýýar» gazeti)
Baý, munuň dilini. (Şekspir, Otello)
Baý, ene, sen hem içagyry bolan bolsaň, bir eýýäm alardyň. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)