Ýygrylmak, çytylmak.
Onuň çep gözüniň ýokary gatlagy peşehorda çykyp gutulan ýaly bürşüpdir. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
Birden ene çytyk gaşy bürüşdi. (A. Atajanow, Iki poema)
Endamyň bir ýeri ýa-da başga bir zat oda ýa-da gaýnan suwa ýanyp çürüşmek.
Olar bütinleý oda gowrulyp bürşüpdirler. (O. Gonçar, Baýdak göterijiler)
Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar ü çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.
Meselem bürüşmek - bürşer, bürşüpdir.