Zady epmek, egmek.
Bir eliniň barmaklary bilen beýlekisiniň barmaklaryny büküp gözlerini asmana dikip, ahyr soňy hem jogaba garaşýan Baýrama naýynjar garady. (N. Jumaýew, Ak derek)
Gyralaryny epip, biri-birine berkitmek, eplemek.
Ertir bilen börek büküp goýupdym. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.
Meselem bükmek - bükdüm, bükdüň, büküpdir.
seret bil
Ozalky daýhançylygyň agyr zähmeti bilimi bükdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Ýalňyş barada habar ber Söz hödürle
Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.