böwşeňlik böw‧şeň‧lik

  1. Boşlaglyk, boşluk, giňişlik.

    • Gür tokaýyň içindäki ak böwşeňlige meňzeýän giň maňlaýynyň etegindäki gyýma gara gaşlary-onuň görk bazaryny ölçegsiz giňeldýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Arakesme, işsiz bolnan wagt.

    • Ol böwşeňlikde Pökgi wala özüne mümkinçilik tapdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem böwşeňlik - böwşeňligi.


Duş gelýän formalary
  • böwşeňlige
  • böwşeňligi
  • böwşeňliginden
  • böwşeňlikde
  • böwşeňlikden
  • böwşeňlikleriniň
  • böwşeňlikleriň