böwüsmek bö‧wüs‧mek işlik

  1. Bir zady ýaryp çykmak, bölüp geçmek, bölmek.

    • Aýsyz garaňky gijäniň tümlügini böwsüp barýan çyranyň yşygy çar töwerege ýaýrapdy.

    • Mümkin däl zähmetsiz ýagşy ýaşamak, Böwsüp geçýäs çägeleri, ylaýy. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

    • Hüjüm bolsa öňe geçer ol böwsüp. (K. Işanow, Watan üçin)

  2. Ýykyp geçmek, deşmek.

    • Iýul we Awgust aýlarynda suw derýa kenarlaryndan agýar we bentleri ýygy-ýygydan böwüsýär. (Gadymy dünýä taryhy)

    • Hawa, derýanyň böwsen wagty hem bolupdy. (M. N. Skatkin, Jansyz tebigat)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar ü çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem böwüsmek - böwser, böwsüpdir.


Duş gelýän formalary
  • böwsen
  • böwser
  • böwseris
  • böwseýin
  • böwsüp
  • böwsüpdir
  • böwüsdi
  • böwüsdigi
  • böwüsdiler
  • böwüsjegi
  • böwüsjekdiginiň
  • böwüsmegi
  • böwüsmek
  • böwüsmezligi
  • böwüsmäge
  • böwüsmän
  • böwüsse-de
  • böwüsýän
  • böwüsýär