Bil bilen goltugyň aralygy, bykyn.
Mawy gözli daýhanyň ýanyda duran beýleki daýhan onuň böwrüne dürtdi. (M. Gorkiý, Ene)
Bir zadyň bir burçy, gapdaly, tarapy.
Çaýyň ol böwründe oturan bir näçe gelin-gyz öz aralarynda jedelleşýärdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Döläniň bir böwrüne zyňlyp, çalam-çaş bolup ýatan bir küti kitap onuň eline ildi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar ü çekimlisi düşürilip ýazylýar. Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.
Meselem böwür - böwrüm, böwrüň, böwri.
Ynjalyksyzlanmak, birahatlanmak.
Bu ýagdaý Muhammediňde böwrüniň bükgüldisini artdyrman durmady. (N. Pomma, Sebebini Soň Bildim)
Birneme aýlanyp durmak, oýlanmak, pikirlenmek.
Häliden söze goşulman, böwrüňi diňläp oturan Çerkez Pökgi wala sorag berdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Dymdy gary, öz böwrüne diň salyp. («Sowet edebiýaty» žurnaly)