bölek

[bö:lek]

  1. Bitewiden bölünen zat, bir zadyň belli bir mukdary, tike.

    • Tilki az ýörän, köp ýörän. Bir bölek etiň üstünden baryp, ol eti iýjek bolupdyr. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)

  2. Tarap, künjek, topar.

    • Goçmyradyň howlysy Aşgabat şäheriniň günbatar-demirgazyk böleginde ýerleşýärdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem bölek - bölegi.

aýyň bölegi

seret

  • Onuň aýyň bölegi ýaly ýüzini, nogta gara saçlaryny, geýimlerini tozan basypdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • bölege
  • bölegem
  • bölegi
  • bölegi-de
  • bölegidi
  • bölegidir
  • bölegimi
  • bölegimiz
  • bölegimize
  • bölegin
  • böleginde
  • bölegindedi
  • böleginden
  • bölegindenem
  • bölegindäki
  • bölegine
  • böleginem
  • bölegini
  • bölegini-de
  • böleginiň
  • böleginiňki
  • bölegiň
  • bölegiňe
  • bölegiňi
  • bölegiňizi
  • bölekde
  • bölekden
  • bölekdi
  • bölekdir
  • bölekdäki
  • bölekler
  • bölekler-de
  • böleklerde
  • böleklerden
  • böleklerdir
  • böleklerdäki
  • böleklere
  • bölekleri
  • bölekleri-de
  • bölekleridir
  • böleklerimiz
  • böleklerimizdir
  • böleklerimizi
  • böleklerin
  • böleklerinde
  • böleklerinden
  • böleklerindäki
  • böleklerine
  • böleklerinem
  • böleklerini
  • bölekleriniň
  • bölekleriniňem
  • bölekleriň
  • bölekleýin
  • bölekli
  • bölekligi
  • böleklik
  • böleklikden
  • bölekliligi
  • böleklilik
  • böleksiz