bökjeklemek bök‧jek‧le‧mek işlik

  1. Towsup-towsup gitmek, towsaklamak, bökejeklemek.

    • Şu bolşuň bilen bökjekläp ýörseň-ä gelişmän hem durjak däl! (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  2. Göçme manyda Şadyýan oýnamak, şatlyk etmek.

    • Olar «öz-özünden gaýnaýar» diýýärler -- diýip, begenjinden ýaňa bökjekläsi gelip gepledi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

    • Firidunyň ýüregi sabyrsyzlyk bilen bökjekledi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)


Duş gelýän formalary
  • bökjekledi
  • bökjeklemek
  • bökjeklemäge
  • bökjekleýän
  • bökjekleýäne
  • bökjekleýär
  • bökjekleýärdi
  • bökjeklän
  • bökjekläp
  • bökjeklär
  • bökjeklär-de
  • bökjekläsi